Ï Ähli gowulyklar – çagalara!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ähli gowulyklar – çagalara!

view-icon 45
Ähli gowulyklar – çagalara!

Daşoguz welaýatynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk mynasybetli welaýatyň iň gözel ýerlerinde aýdym-sazly, güýmenje we bilim beriji köp sanly çäreler guraldy. Şeýle çäreleriň biri Şabat etrabynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Galkynyş eýýamy» dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Belläp geçsek, bu seýilgäh 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýen ada mynasyp bolup, etraba berlen bir million amerikan dollary möçberindäki baýrak gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruldy.

Häzirki wagtda dynç almak we hereketli oýunlar oýnamak üçin meşhur ýere öwrülen bu seýilgähde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen köp sanly gyzykly attraksionlar bar. Seýilgähiň çäginde beton ýodajyklar çekilip, nepis bezegli eýwançalar gurlupdyr, owadan bezeg oturgyçlary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde kiçi elektrik awtoulaglarynda gezelenç edip, dürli süýjülikleri we içgileri satyn almak bolýar.

Çagalary aýdym-saz bilen Daşoguzyň merkezindäki täzelenen seýilbag hem garşy aldy. Görogly ýadygärliginiň arkasyndaky bu ýaşyl zolakda täze beton ýodajyklar çekilip, goşmaça abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Bu ýer geljekde şäher ilaty üçin täze, salkyn dynç alyş mekanyna öwrüler. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatda hem çagalaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň gyzykly hem peýdaly dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaş nesil üçin bu ýerde umumybilim berýän mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar baglarynyň hem-de saglygy goraýyş desgalarynyň giň ulgamy döredilip, her ýyl täze döwrebap binalar bilen olaryň üsti ýetirilýär. Munuň ýene bir aýdyň mysaly hökmünde Daşoguzda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň başlanandygyny görkezmek bolar. Iň döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün ediljek hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlejek bu desganyň umumy meýdany dokuz gektara deň bolar.

Şeýle hem şu günlerde welaýatyň dolandyryş merkezindäki «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda 600 okuwçy üçin niýetlenen täze umumybilim berýän mekdebiň we 240 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy alnyp barylýar. Sebitde üstünlikli işleýän, 300 orunlyk döwrebap «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bu merkez ak mermerden bina edilen hakyky şäherjigi ýatladýar. Onuň düzümine dolandyryş binasyndan başga-da ýaşaýyş toplumlary, naharhana, oýun enjamlary bilen enjamlaşdyrylan dynç alyş merkezi, howuzlar we amfiteatr, lukmançylyk nokady, sport hem-de oýun meýdançalary we beýleki desgalar girýär.

Welaýatyň şäherlerinde çagalar üçin oýun enjamlary we attraksionlary bolan dürli hususy söwda-dynç alyş merkezleri hem hereket edýär.