Ï Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

view-icon 78
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak möwsümini üstünlikli tamamlap, şertnamalaýyn borçnamany doly ýerine ýetirdiler. Olar ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyna saldamly goşant goşup, 500 tonnadan gowrak gymmatly çig mal taýýarladylar.

Möwsümiň dowamynda Şabat we Garaşsyzlyk etraplarynyň ýüpekçileri ýokary zähmet netijelerini görkezdiler. Hususan-da, Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri aýratyn tapawutlanyp, meýilleşdirilen möçberden artyk 6 tonna pile taýýarladylar.

Daşoguz welaýaty uzak ýyllardan bäri ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp gelýär. Sebitde ekerançylar her ýyl dokma senagaty üçin zerur bolan ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmek boýunça öňde goýulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda bolsa welaýatda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ýokary hilli pile öndürmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir. Pileçilik möwsümine işjeň gatnaşýan kärendeçiler tejribelerine daýanyp, öňdebaryjy usullary önümçilige ornaşdyrýarlar. Munuň özi bolsa, öndürilýän pileleriň mukdaryny artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň hil görkezijileriniň hem ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dokma senagatyny ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.