Ï «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara

view-icon 143

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän dokmaçylyk däpleri milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol halkymyzyň döredijilik zehininiň, zähmetsöýerliginiň we gözellige bolan belent söýgüsiniň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde milli dokmaçylyk sungatyny ösdürmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, dünýä giňişliginde mynasyp derejede wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän möhüm pudaklarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda, şol sanda geçen ýylyň dowamynda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyryldy. Dokma kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyryldy, pudaga öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy, ýokary hilli we dünýä standartlaryna laýyk gelýän eksport ugurly önümleriň görnüşleri ep-esli giňeldildi. Şonuň ýaly-da, dokma pudagynyň kärhanalarynda sanly ulgamyň we awtomatlaşdyrylan dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri tygşytly peýdalanmaga, önümleriň hil derejesini halkara talaplara laýyklykda üpjün etmäge hem-de önümçiligiň doly sanly gözegçiligini amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.

Häzirki döwürde dokma pudagyny ösdürmekde halkymyzyň milli mirasyna, asylly däp-dessurlaryna we çeperçilik ýörelgelerini döwrebap tehnologiýalar, innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme türkmen dokma önümleriniň milli özboluşlylygyny saklamaga, olaryň çeperçilik gymmatyny has-da baýlaşdyrmaga hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň ekologik taýdan arassa pagtasyndan öndürilýän dokma önümleri halkara bazarlarda ýokary hili, tebigylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen giňden ykrar edilýär. Häzirki wagtda türkmen dokma önümleri dünýäniň köp sanly döwletlerine üstünlikli eksport edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändigini, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryny giňden görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de innowasion tejribeleri alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň hem-de döwletimiziň oňyn ösüş strategiýasynyň aýdyň netijesidir. Dokma senagatynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň işiniň netijeli geçjekdigine, ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Sizi bu möhüm halkara çäräniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.