Ï Hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat

view-icon 60
Hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen ildeşlerimiz Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýärler. Deňiz suwunyň temperaturasynyň +15…+17 gradus derejede saklanýandygyna garamazdan, kenarýaka möwsümi resmi taýdan başlandy diýlip hasap edilýär. Muňa yssy howa şertleri ýardam berýär.

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy +40 gradusa çenli ýokarlanar. Käbir sebitlerde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar we şemal güýçlener diýlip çak edilýär.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +31…+33 gradusdan +35…+37 gradusa çenli maýyl, gijelerine +21…+23 gradusdan +24…+26 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +30…+35 gradusdan +35…+40 gradusa çenli maýyl, gijelerine +19…+24 gradusdan +22…+27 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +32…+37 gradus maýyl, gijelerine +17…+22 gradusdan +21…+26 gradusa çenli maýyl bolar. Deňizýaka etraplarda howanyň temperaturasy +28…+33 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +31…+36 gradusdan +36…+41 gradusa çenli maýyl, gijelerine +19…+24 gradusdan +23…+28 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +30…+35 gradusdan +36…+41 gradusa çenli yssy, gijelerine +18…+23 gradusdan +22…+27 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +28…+33 gradusdan +32…+37 gradusa çenli maýyl, gijelerine +17…+22 gradusdan +20…+25 gradusa çenli maýyl bolar.