2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň (GDA-nyň Habarlar geňeşi) XXXIV mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy mowzugy döwlet habarlar agentlikleriniň işinde intellektual ulgamlaryny ulanmak hem-de žurnalistika etikasy bilen bagly meseleler boldy. Şeýle-de häzirki zaman media tehnologiýalarynyň ösüşi şertlerinde habarlar agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we taslamalar barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň şu ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna başlyklyk edýändigi we birnäçe iri forumlary guraljakdygy bellenildi. Şeýle hem 2026-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy hem-de onuň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilişi aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de mejlisde Halkara maglumatlary barlaýyş assosiasiýanyň (Global Fact-Checking Network, GFCN) alyp barýan işi barada syn hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu gurama neýroulgamlary ulanmak arkaly ýaýradylýan maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmäge hem-de galp habarlara garşy göreşmäge ýardam berýär.
Mundan başga-da, GDA-nyň Habarlar geňeşiniň taslamasy bolan ania-news.info atly täze internet saýtynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu saýtda GDA agza ýurtlarynyň döwlet habarlar agentlikleriniň habarlary ýerleşdirilip, Arkalaşyga agza döwletleriň durmuşy, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşi, ykdysady, ylmy, medeni we sport ugurlarynda gazanylan üstünlikleri barada beýan edýär.