2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, raýatlaryň hukuklaryny goramak, konsullyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek we halkara hukugynyň belli bir ugurlary babatynda aragatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem degişli edaralaryň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we amaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatlaryň netijeleri boýunça degişli Beýannama gol çekildi we taraplar konsullyk ulgamyndaky türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.