Ï Russiýaly Olga Kadeýkina Aşgabatda «SO_love» haryt nyşany bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýaly Olga Kadeýkina Aşgabatda «SO_love» haryt nyşany bilen tanyşdyrdy

view-icon 107
Russiýaly Olga Kadeýkina Aşgabatda «SO_love» haryt nyşany bilen  tanyşdyrdy

«Türkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde moda görkezişi geçirildi. Onda binagärlik trikotažy boýunça russiýaly dizaýneri we «SO_love» haryt nyşanyny esaslandyryjy Olga Kadeýkina özüniň «Russiýadan söýgi bilen» diýlip atlandyrylan ýygyndynyň görnüşini görkezdi.

Russiýa dokma we ýeňil senagat telekeçileriniň bileleşiginiň ýüňi gaýtadan işleýän senagat meseleleri boýunça ugurdaş komitetiniň agzasy hökmünde Olga Kadeýkina bu ugruň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär, şonuň üçin hem onuň şahsy haryt nyşany örülen önümleri öndürmäge ýöriteleşendir we diňe Russiýanyň çig mallary esasynda işleýär.

Görkeziş on sany gyşky lybasy öz içine aldy. Ýygyndynyň esasyny XIX asyryň başyndaky harby lybaslary ýatladýan žaketler emele getirdi. Beýle konsepsiýanyň saýlap alynmagy tötänleýin däldir. Bu ýygyndy rus taryhynda ilkinji zenan serkerdesi, rowaýaty atly goşunyň zenan esgeri we 1812-nji ýylyň Watançylyk urşunyň gahrymany, terjimehaly Aleksandr Puşkini hem haýran galdyran Nadežda Durowa bagyşlanypdyr.

Käbir lybaslary bezeýän daşdeşeniň şekili şekillendiriş hatarynda aýratyn orun tutdy. Bu Nadežda Durowanyň ömrüniň soňky ýyllaryny geçiren Ýelabuga şäheriniň (Tatarystan Respublikasy) taryhy tugrasyna gönüden-göni salgylanmadyr. Ýygyndynyň medeni mazmunyny saz ýolbaşçylygy hem aýratyn belledi. Gezelenç görkezişi görnükli diplomat we ýazyjy Aleksandr Griboýedowyň düzen walsynyň döwrebap guralmagynda geçdi. Bu çözgüt taryhy mirasy we häzirki zaman moda ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Russiýanyň haryt nyşanynyň Aşgabat sergisine gatnaşmagy, şu ýylyň maý aýynda Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumynda badalga berlen şowly halkara hyzmatdaşlygyň netijesidir.

— Men Kazandaky forumyň meýdançasynda Türkmenistanyň diwarlygyna tüýs ýürekden gyzyklandym. Şonda kärdeşlerim maňa ýerli ýüplükleri – düýe ýüňüni we geçi çöpürini sowgat berdiler. Onuň hili hakykatdan hem ajaýyp boldy, men bu materiala göni aşyk boldum. Meni Aşgabatdaky görkezişe gatnaşmaga çagyrdylar, biz ähli gerekli resminamalary örän çalt resmileşdirdik we ine, gysga wagtyň içinde men bu ýerde. Men Türkmenistana birinji gezek gelýärin, ýöne eýýäm bu ýurduň bimöçber mähirliligini duýmaga ýetişdim. Bu ýerdäki adamlar geň galdyrjak derejede açyk göwünli, her kim tüýs ýürekden kömek etmäge çalyşýar. Men Türkmenistanyň halk çeperçilik senetleri bilen tanyş, eger-de maňa biraz köpräk wagt berlen bolsa, uly höwes bilen ýerli ýüplüklerden Türkmenistana bagyşlanan aýratyn ýygyndyny dörederdim diýip aýdyp bilerin. Eger meni geljek ýyl hem çagyrsalar, men bu pikiri hökman durmuşa geçirerin – diýip, Olga Kadeýkina gürrüň berdi.