Ï Aşgabat Pekinde geçirilen halkara syýahatçylyk sammitinde tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat Pekinde geçirilen halkara syýahatçylyk sammitinde tanyşdyryldy

view-icon 95
Aşgabat Pekinde geçirilen halkara syýahatçylyk sammitinde tanyşdyryldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde geçirilen «Hoşboý ysly baýyrlar» (Fragrant Hills Tourism Summit 2026) atly halkara syýahatçylyk sammitine gatnaşdy. Forumyň guramaçysy Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasydyr.

Sammit onlarça ýurtdan döwlet edaralarynyň, syýahatçylyk guramalarynyň we bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri girdi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar dünýä syýahatçylyk pudagynyň ösüşindäki häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli aňy (EA) ulgamy ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem robotlaşdyrylan ýolbeletler, akylly terjime ulgamlary we syýahatçylara hyzmat etmegi kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly hyzmatlar ýaly innowasion çözgütler tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy A.Agamyradow öz çykyşynda 2020-nji ýylda Aşgabadyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä sanawyna girizilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýan türkmen paýtagty soňky ýyllarda halkara maslahatlaryň, forumlaryň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle-de Aşgabat myhmanlary kabul etmekde we ýokary hilli myhmanhana hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemekde häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyk gelýän şäher hökmünde özüni tanatdy. Muňa paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatlar, sergiler we forumlar aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

A.Agamyradow häzirki wagtda Köneürgenç, Mary, Türkmenabat we beýleki şäherleriň, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna agza kabul edilmegi ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanyň meşhur syýahatçylyk merkezi hökmünde halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Şeýle-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahat etmek üçin iň amatly ugurlaryň biri hökmünde ykrar edilmeginiň we ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilmeginiň bu ugurdaky milli syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidigi nygtaldy.

Türkmen wekiliýetiniň sammite gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga we syýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam etdi. Forum Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasyna we döwrebap infrastrukturasyna esaslanýan syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä tanatmak üçin möhüm meýdança boldy.