Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 82
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny aýratyn bellediler. Medeniýet edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň iki ýurduň halklarynyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm çäre hökmünde ähmiýeti bellenildi. Medeni maksatnama çeper filmleriň görkezilişini, Azerbaýjanyň edebi we çeper mirasyna bagyşlanan okuw sapaklaryny, şeýle hem birnäçe sergileriň tanyşdyrylyşyny öz içine alýar. Çäreleriň iň ýokary nokady hökmünde azerbaýjan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Medeniýet günleri üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň, sergileri we beýleki çäreleri guramagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň we medeni platformalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem türkmen-azerbaýjan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbidine konstruktiw dialogyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.