Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 186
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Türkmenistan bilen HPG-niň Ylalaşygynyň IV maddasyna laýyklykda geçirilýän adaty maslahatlar missiýasynyň çäklerinde Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara Pul Gaznasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem makroykdysady syýasatyň esasy ugurlary, durnukly ösüş we ýurduň maliýe ulgamyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşyldy.

Duşuşykda sebit we dünýä ykdysady gün tertibine täsir edýän daşary ykdysady şertleriň seljerilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de daşarky töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen milli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli ädimleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmak prosesi, şol sanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak işi ara alnyp maslahatlaşyldy. HPG-niň wekilleri Türkmenistanyň milli kanunçylygy halkara ülňülerine laýyk getirmek we statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan toplumlaýyn işlerine ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar konstruktiw we pragmatik häsiýetli dialogy dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem häzirki HPG-niň missiýasynyň netijeleriniň durnukly ykdysady ösüşi we sebitde abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynam bildirildi.