Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

view-icon 146
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Robert Floýd wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny aýtdy. Türkmenistan bu Şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hemişe ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda bu Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň saparynyň çäklerinde geçirjek duşuşyklarynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Robert Floýdy bu şanly sene bilen gutlady.

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, bu şanly senäniň Türkmenistanda bellenilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk taglymlaryna ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine pugta eýermek bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Ýurdumyz ýadro howpsuzlygy babatda esasy halkara şertnamalara goşulan ilkinji döwletleriň biridir.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.