Ï Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 109

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli guraldy.

Açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, ylmy we medeniýet wekilleriniň, işewür toparlaryň, türkmen talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi.

Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.