Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B.Rojers Türkmenistana bolan saparynyň jemlerini jemledi. Ýokary derejeli diplomat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan onlaýn brifingiň dowamynda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada durup geçmek bilen, ýokary tehnologiýalara, bilime we medeni alyş-çalşyga aýratyn üns berdi.
Sara Rojersiň Merkezi Aziýa boýunça saparynyň dowamynda geçirilen söhbetdeşlikleriň esasy ugurlarynyň biri öňdebaryjy tehnologiýalar boldy. Döwlet departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň bellemegine görä, ABŞ-nyň tehnologik kompaniýalary we iri maýadarlary emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.
– Emeli aň we data-merkezler baradaky mesele tas her bir duşuşykda, şol sanda ministrlikleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hem gozgaldy. Türkmenistanyň bu ulgama bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygy meni diýseň begendirýär we muňa asla geň galmaýaryn. Ýurduň Hökümeti tehnologik ösüşe hem-de rowaçlyga çalyşýar, amerikan kompaniýalary bolsa emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin zerur bolan tehnologiýalary üpjün etmäge elmydama taýýardyr – diýip, amerikan syýasatçysy belledi.
Sara B.Rojers emeli aňyň işewürligi kämilleşdirmäge we bilim ulgamyny düýpli özgertmäge ukyply bolan özgerdiji güýç ýaly ähmiýete eýedigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Saparyň çäklerinde bilim taslamalaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Sara B.Rojers Kent Steýt uniwersitetiniň (ABŞ) hem-de türkmen tarapynyň arasynda işewürligi dolandyrmagyň magistri (MBA) boýunça bilelikdäki maksatnamanyň taýýarlanýandygy barada habar berdi. Bu başlangyç ýokary bilim ulgamyndaky geljegi uly bolan onlarça hyzmatdaşlyk ugurlarynyň biridir.
Döwlet sekretarynyň orunbasary türkmen žurnalistleri we sanly kontent döredijileri bilen geçirilen duşuşygy aýratyn belledi. Sara B.Rojers ýaş hünärmenleriň döredijilik ukybynyň ýokary derejededigini, olaryň täze media gurallaryny özleşdirmäge bolan çalyşmalaryny aýratyn nygtady, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň öz pikirlerini uly ynam we ykrar bilen ara alyp maslahatlaşýandyklaryna haýran galandygyny bildirdi.
Diplomatyň saparynyň maksatnamasyna Türkmenistanyň taryhy mirasyna bolan çuňňur hormatyň dabaralanmasy hökmünde medeni çäreler hem girizildi. Sara B.Rojers ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldy we bu ýerde üýtgeşik gymmatlygyň – V asyra degişli Buddanyň kellesiniň dikeldiliş işleri bilen tanyşdy. Bu taslama Kaliforniýanyň Pol Getti adyndaky çeperçilik muzeýi bilen halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Sara Rojers saparyň dowamynda dünýä belli ahalteke bedewlerini synlamak üçin Atçylyk sport toplumyna hem baryp gördi. Mälim bolşy ýaly, behişti bedewleri köpeltmegiň we saklamagyň milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzat medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem diplomata atly gezelenç etmek mümkinçiligi döredildi.
Žurnalistler bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça Sara B.Rojers Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary köptaraply dialogyň binýadynyň berkdigini we uly geljeginiň bardygyny nygtady.