Ï Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 57
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şuller-Gotsburgyň we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory Elizabet Waýsenbýökiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmen tarapy Elizabet Waýsenbýöki Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň awstriýa böleginiň bilelikdäki başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Toparyň on üçünji mejlisi şu ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Diplomatlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine güýçli itergi berendigini nygtadylar.

Özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenildi.

Şeýle hem, bilim we ylym ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.