Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Synda ýakyn günleri gyzykly geçirmäge kömek etjek maglumatlar berlen.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde fransuz suratkeşi Polýa Nadaryň eserleriniň sergisi açyldy. 1890-njy ýylda düşürilen 45 sany ak-gara suratlary içine alýan bu sergi gymmatly wizual arhiw bilen tanyşdyrýar.

Bu düşürilen suratlar türkmen halkynyň peýzažyny, durmuşyny, şol döwürde şäheriň keşbini we binagärçilik ýadygärliklerini suratlandyrýan Hazar üsti demir ýolunyň ugruny şekillendirýär. Bu Merkezi Aziýanyň XIX asyryň ahyryndaky medeni mirasy we taryhy bilen tanyşmak üçin örän gowy pursat. Sergi 23-nji iýuna çenli dowam edýär.
12-nji iýunda sagat 16:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň uly zalynda nusgawy sazly konsert geçiriler. Ýörite fortepiano we kamera ansambly kafedrasynyň uçurymlary, şeýle-de aýdymçylar Bahar Durdyýewa we Nury Nuryýew çykyş ederler. Giriş tölegsizdir.

13-nji iýunda sagat 17:00-da «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde «Basket fest» atly sport çäresi geçiriler. Myhmanlar ökde türkmen basketbolistleriniň oýunlaryna tomaşa edip, top zyňmakda öz güýçlerini barlap, hem-de wagtyny şadyýan we işjeň geçirip bilerler.
Bu ýyl 22 – 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek milli Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça taýýarlyk dowam edýär. Çäräniň çygrynda ýurdumyzyň teatrlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap täze tomaşa we konsert görkezerler.

Teatr maksatnamasynda çykyş edijileriň düzümine üýtgeşmeler ýa-da düzetmeler girizilmegi mümkin. Öňünden kassadan soňky sanawy anyklamagy maslahat berýäris
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
14.06.2026: «Syrly sandyk» 19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
13.06.2026: Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli konsert 19:00;
14.06.2026: «Sawçy hem sallahlar» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
13.06.2026: «Magnitafon» 19:00;
14.06.2026: «Mähriban dideler» 19:00.
A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
13.06.2026: «Hudaýberdiniň başdan geçirmeleri» 12:00;
13.06.2026: «Ýelden ýyndam» 19:00;
14.06.2026: «Аladdin we jadyly çyra» 11:00; 13:00;
14.06.2026: «Bäş agşam» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
13.06.2026: «Saňa ýalan maňa çyn» 19:00;
14.06.2026: «Süýji durmuşyň gapysy» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
13.06.2026: «Maşa we aýy» 17:00;
13.06.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;
14.06.2026: «Balykçy we balyjak» 12:00; 17:00;
14.06.2026: «Arşyn mal alan» 19:00.