Ï Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy

view-icon 96
Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
camera-icon
UWW

17 ýaşly aşgabatly Şaapbas Esgerow Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. «Olimp» orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünligi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy. Bu derejede 15 türgen çempionlyk ugrunda bäsleşdi.

Ş.Esgerow ilkinji tutluşygynda 2024-nji ýylyň 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynyň 68 kilograma çenli agram derejesindäki kümüş medalynyň eýesi we häzirki 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýrakçysy bolan 15 ýaşly hindistanly Mandip Mandipden 5:6 hasabynda ýeňildi. Soňky duşuşygynda Hytaý Taýbeýiniň wekili Sin Ýu Wany 8:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşykda bolsa 2024-nji ýylyň 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynyň bürünç baýrakçysy, 16 ýaşly ýaponiýaly Ýuseý Nagatany 9:3 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Bu agram derejesindäki ikinji bürünç medal gazagystanly Adilbek Ýerbolatowa nesip etdi. Ol täjigistanly Nasim Hojaýewi 12:1 hasabynda ýeňdi. 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony diýen ada bolsa finalda hindistanly Mandip Mandipi 10:0 hasabynda ýeňen 16 ýaşly eýranly Amirali Mohammad Ferasati gazandy.

17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy 10 türgen bilen çykyş etdi. Şolaryň 6-sy erkin göreşde, 4-si bolsa grek-rim göreşinde bäsleşdi. Türgenlerimiziň biriniň baýrakly orun eýelemegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Şaapbas Esgerow üçin bu halkara ýaryşlardaky ilkinji üstünlik boldy. Ol 2010-njy ýylyň erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi we 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Ş.Esgerowyň gazanan bürünç medaly soňky üç ýylda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýaşlar ýygyndysy üçin 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda gazanylan ilkinji medal boldy.

Soňky iki Aziýanyň çempionatyndaky şowsuz çykyşlary nazara alyp, Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Batyr Orazgylyjowy erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Ondan öň ol 20 ýaşa çenli ýaşlaryň ýygyndysy bilen üstünlikli iş alyp barýardy.

Ýatlap geçsek, 9-njy iýunda 33 ýaşyny dolduran ýaş hünärmeniň ýolbaşçylygynda zehinli türgen Alp Arslan Begenjow birnäçe halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläpdi. Şeýle hem ol 2024-nji ýylda Tailandda we Ispaniýada geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň hem-de dünýä çempionatlarynda altyn medal gazanypdy.

Batyr Orazgylyjow baş tälimçi hökmünde bary-ýogy bäş aý işlän döwründe Da Nang şäherindäki Aziýanyň çempionatyna erkin göreş boýunça alty türgenden ybarat güýçli topary getirdi. Şolaryň biri bürünç medal gazansa, ýene dört türgen – Hemra Halmyradow (45 kilograma çenli), Meret Durdyýew (48 kilograma çenli), Isgender Hudaýberdiýew (51 kilograma çenli) we Mekan Hudaýberenow (71 kilograma çenli) bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşyklarda ýeňlip, baýrakly orunlardan bir ädim yzda galdylar.

Şaapbas Esgerowyň bürünç medaly Da Nang şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň we 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatlarynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň umumy medal sanyny bäşe ýetirdi.

Mundan ozal 23 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri bir altyn we üç bürünç medal gazandylar. 19 ýaşly aşgabatly türgen, halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip ilkinji gezek Aziýanyň çempiony boldy.

Bürünç medallaryň eýeleri bolsa 18 ýaşly Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kilograma çenli), 21 ýaşly Soltan Sanjar Begenjow (79 kilograma çenli) we 19 ýaşly Döwletgeldi Myradow (92 kilograma çenli) boldy.

Geçen ýyl Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilen sport göreşi boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň we 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatlarynda hem türkmen türgenleri jemi bäş medal gazanypdylar. Şolaryň dördüsi – bir kümüş we üç bürünç medal – 23 ýaşa çenli ýaryşlarynda gazanyldy.

79 kilograma çenli agram derejesinde Alp Arslan Begenjow kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medallary bolsa Watan Annaorazow (74 kilograma çenli, erkin göreş), Soltan Sanjar Begenjow (86 kilograma çenli, erkin göreş), Didar Orazberdiýew (72 kilograma çenli, grek-rim göreşi) gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň gaznasyna ýene bir bürünç medaly bolsa 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden grek-rim göreşi boýunça pälwan, 16 ýaşly Aslan Agadadaýew gazanyp, 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatlarynda üçünji orny eýeledi.