Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 99
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminde däne ýygýan kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler görülýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar, Lebap welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk görülýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işledilmegini gazanmak ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny, ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, ony halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berildi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, şeýle hem ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamada ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz etmek arkaly ýurdumyzyň adam maýasynyň, ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşynyň has-da ýokarlandyrylmagyny, gözýetiminiň giňeldilmegini, olaryň ylmy-döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işine işjeň çekilmegini gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Ol, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy her ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ylmy ösdürmek maksady bilen ägirt uly işleri amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp derejede durmuşa geçirýär.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.

Syýasy ugur barada aýdylanda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrandygy nygtaldy. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.

Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň işleriniň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň wajyp toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.