Ï «Arkadag» topary «Nebitçi» toparyny uly hasap bilen ýeňdi, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary üç utuk gazandylar, «Köpetdag» topary bolsa paýtagt duşuşygynda üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary «Nebitçi» toparyny uly hasap bilen ýeňdi, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary üç utuk gazandylar, «Köpetdag» topary bolsa paýtagt duşuşygynda üstün çykdy

view-icon 151
«Arkadag» topary «Nebitçi» toparyny uly hasap bilen ýeňdi, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary üç utuk gazandylar, «Köpetdag» topary bolsa paýtagt duşuşygynda üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

Ýurdumyzyň üç şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýunlar janköýerleri derwezä giren köp pökgi, öňdebaryjy toparlaryň ynamly ýeňişleri we myhmanlaryň berk garşylaşmalary bilen begendirdi. Dört duşuşykda jemi 12 pökgi derwezä girizildi.

Çempionatyň öňdebaryjysy «Arkadag» topary öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyna hiç hili mümkinçilik goýmady. Häzirki çempionlar ýeňiji boljakdyklary baradaky soraglaryň ählisini diýen ýaly birinji ýarymda çözdüler. Munuň şeýledigini Mekan Saparowyň 22-nji minutdaky takyk urgusy hem-de Didar Durdyýewiň 31-nji minutda (11 metrlik jerime urgusyndan) we 43-nji minutda geçiren gollary tassyklady.

Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda myhmanlar Elýas Agöýliewiň 50-nji minutdaky goly bilen aratapawudy azaltmagy başardylar. Emma oýnuň gidişini öz peýdalaryna üýtgedip bilmediler. Goşmaça wagtda, 91-nji minutda Mekan Saparow ikinji goluny geçirip, duşuşygyň jemleýji hasabyny «Arkadag» toparynyň peýdasyna kesgitledi – 4:1.

Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda «Ahal» bilen Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparlarynyň arasyndaky geçirilen duşuşyk diýseň çekeleşikli boldy. Myhmanlar berk gorag gurup, Türkmenistanyň wise-çempionyna uzak wagtlap mümkinçilik bermediler. Ýer eýelerini 73-nji minutda Enwer Annaýew halas etdi. Onuň takyk urgusy «Ahal» toparyna örän möhüm üç utuk getirdi.

Baýrakly orunlara dalaşgärleriň ýene biri bolan paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Maryda ýerli «Merw» toparyny myhmançylykda ynamly ýeňdi. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary oýna doly gözegçilik edip, her ýarymda bir goldan geçirdi. 28-nji minutda Söhbet Durdyýew hasaby açdy, 62-nji minutda bolsa Bagtyýar Gürgenow «aragatnaşykçylaryň» artykmaçlygyny berkitdi. Netijede, «Altyn asyr» topary 2:0 hasabynda myhmançylyk ýeňşini gazandy.

Paýtagt duşuşygynda we şol bir wagtyň özünde myhmanlaryň bäsleşiginde «Köpetdag» topary has güýçli boldy. Duşuşygyň 23-nji minudynda Merdan Muhadow «Aşgabat» toparyny öňe çykardy – 1:0. Emma birinji ýarymyň tamamlanmagyna az wagt galanda, 45-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýew hasaby deňledi.

Ikinji ýarym Arslan Saparowyň şowly çykyşyna öwrüldi. Onuň 49-njy we 64-nji minutlarda geçiren gollary «Köpetdag» toparyna oýnuň ugruny üýtgetmäge we örän möhüm üç utuk gazanmaga mümkinçilik berdi.

Aman Koçumowyň tälim berýän topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 10 utuk bilen 7-nji orunda barýan «Aşgabat» toparyndan tapawudyny iki utuga çenli azaltdy.

Ýaryş tertibiniň ýokarky böleginde ýagdaý üýtgemedi. Ikinji aýlawyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, «Arkadag» topary 12 oýunda mümkin bolan 36 utugyň ählisini toplap, ynamly öňde barýar. Öňdebaryjydan 12 utuk yza galýan «Ahal» topary ikinji orny eýeleýär. 23 utukly «Altyn asyr» topary bolsa ilkinji üçlügi jemleýär.

Bu tapgyrda iki gol geçiren «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew hüjümçileriň sanawyndaky öňdeligini has-da berkitdi. Soňky dört milli çempionatyň iň netijeli futbolçysynyň hasabynda häzirki wagtda 11 gol bar, şolaryň ikisi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.

Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde 6 goldan geçiren Arslan Saparow («Köpetdag») bilen Süleýman Mirzoýew («Ahal») paýlaşýarlar. Arslan Saparow bir, Süleýman Mirzoýew bolsa iki goluny jerime urgusyndan geçirdi.

Olaryň yzysüre her haýsy 5 gol geçiren Resul Hojaýew («Arkadag») bilen Serdar Gulyýew («Şagadam») ýerleşýär. Resul Hojaýew bir, Serdar Gulyýew bolsa iki goluny jerime urgusyndan geçirdi.