Ï Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekileriniň esasynda elde dokalan haly döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekileriniň esasynda elde dokalan haly döredildi

view-icon 120
Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekileriniň esasynda elde dokalan haly döredildi

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly elde dokalan halyny döretdi. Taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.

Ölçegi 2 x 1,5 metr bolan halyda ussat halyçylar Lukomorýäni, Altyn horazy, «Patyşa Soltan hakyndaky ertekiniň» gahrymanlaryny we beýik şahyryň eserlerinden beýleki belli keşpleri şekillendirdiler.

– Bu haly Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda döredildi we bu biziň üçin uly buýsançdyr. Ol diňe bir amaly-haşam sungatynyň eseri däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň özboluşly görnüşi hem-de rus medeniýetine we onuň baky gymmatlyklaryna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Taslamanyň aýratyn manysy onuň türkmen zenan halyçylary tarapyndan dokalanlygydyr. Bu medeniýetiň halklary birleşdirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Rus edebi däpleri bilen türkmen halyçylyk sungatynyň köp asyrlyk mirasy bir eserde duşuşyp, medeni dialog üçin giň mümkinçilik döretdi – diýip, «El Darak» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ogulgerek Durdyýewa žurnalistlere gürrüň berdi.

«El Darak» kompaniýasy elde dokalýan halylary öndürmek bilen meşgullanýar we Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde gadymy haly dokamak tehnologiýalaryny dikeltmek ugrunda iş alyp barýar.

Ýurdumyzda bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halyçylyk türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň iň baý gatlaklarynyň biri bolup, dünýäde giňden tanalýan milli nyşandyr.

Ýatlap geçsek, Türkmen halysynyň baýramy 1992-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip gelinýär. Aşgabatda iki müň töweregi seýrek eksponaty özünde jemleýän Türkmen halysynyň milli muzeýi hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.