Ï Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we Owganystanyň bilermen-seljeriş mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we Owganystanyň bilermen-seljeriş mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar

view-icon 91
Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we Owganystanyň bilermen-seljeriş mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar

Şu günlerde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan»: «Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde seljeriş merkezleriň strategik orny» atly bilermenleriň duşuşygy geçirilýär. Soňky ýyllarda sebitiň bilermenler jemgyýetçiliginde Merkezi Aziýanyň alymlarynyň we seljeriş düzümleriniň owganystanly kärdeşleri bilen bilelikde hyzmatdaşlyk hem-de özara ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşýan birnäçe meýdançalary döredildi.

Sebitiň ýurtlarynyň ýakynlaşmagynyň hem-de şeýle gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygy eýýäm köpden bäri ýüze çykypdy. Merkezi Aziýa döwletlerine durnukly Owganystan gerek, sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, goňşy ýurtdan terrorçylygyň, dini ekstremizmiň hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň ýaýramagynyň bolmazlygy zerurdyr. Öz gezeginde, halkara çetleşdirilmede galan Owganystan köp babatda öz goňşularyna garaşly bolup durýar. Bulardan başga-da, ykdysady taýdan çemeleşilende, Owganystan Ýewraziýanyň Ýakyn Gündogary, Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan geosyýasy köprüsi bolup hyzmat edýär.

Kabulda geçirilýän nobatdaky bilermenleriň gepleşikleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň arasynda şu ýylyň aprel aýynda bolup geçen, ilkinji nobatda söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, umumy sebitleýin wezipeleri çözmäge hem-de ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak üçin serişdeleri çekmäge gönükdirilen dialogyň dowamydyr. Häzirki duşuşykda seljeriş hünärmenleriniň üns merkezinde ulag ugurlaryny, şol sanda owgan çäkleri arkaly geçýän ýollary ösdürmek, umumy wehimlere baha bermek, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde tagallalary utgaşdyrmak, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri durar.

Türkmenistanyň owgan ugurdaky syýasaty hemişelik oňyn Bitaraplyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandyr. Aşgabat Owganystandaky parahatçylykly düzgünleşdirmä we uzak möhletleýin durnuklylyga üç sany esasy ugruň: syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ugurlaryň aýrylmaz bitewüligi täsirinden garaýar. TOPH transmilli esasy gaz geçirijisiniň gurluşygy, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, demir ýol we logistika düzümleriniň ösdürilmegi (Serhetabat-Turgundy duralgasynyň döwrebaplaşdyrylmagy), durmuş maksatly binalaryň (mekdepleriň, hassahanalaryň, metjitleriň) gurluşygy hem-de maliýeleşdirilmegi ýaly taslamalar Kabul bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ymtylyşyň aýdyň subutnamasydyr we oňa goşulan hakyky goşantdyr. «Merkezi Aziýa – Owganystan» atly bilermenleriň duşuşygynda Türkmenistanyň wekiliýetine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgäri A.Haljanow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň direktory Ş.Şiriýew wekilçilik edýärler.