Ï Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: «Neo-şygryýetden» Disney sazlaryna we «Pikirler gijesine» çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: «Neo-şygryýetden» Disney sazlaryna we «Pikirler gijesine» çenli

view-icon 64
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: «Neo-şygryýetden» Disney sazlaryna we «Pikirler gijesine» çenli

Öňümizdäki dynç günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baý medeni çäreler garaşýar. Medeni çäreler olaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri we dynç almaklary üçin uly mümkinçilik berer.

20-nji iýunda sagat 18:00-da «Art-bazar» galereýasynda meşhur türkmen ýazyjysy, şahyr we dramaturg Hemra Şirowyň döredijiligine bagyşlanan interaktiw «Neo-şygryýet» sergisi açylar. Sergide Hemra Şirowyň içki dünýäsi janlandyrylar we onuň şygryýetiniň täze görnüşlerini döretmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran gözlegleriniň netijeleri görkeziler.

20-21-nji iýunda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler. «Disney & Pixar» atly aýdym-saz maksatnamasynda meşhur animasion filmleriň sazlary instrumental görnüşde ýerine ýetiriler. Olaryň hatarynda «Şir patyşasy», «Kung-fu panda», «Sowuk ýürek», «Koko syry», «Madagaskar», «Ratatuý», «Ýokary», «Moana» we beýleki filmleriň sazlary bar.

21-nji iýunda sagat 15:00-da Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda «Pikirler gijesi» atly interaktiw çäre geçiriler. Maksatnamada emeli aňyň mümkinçiliklerine, daşky gurşawy goramaga we sungata bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler bolar. Şeýle hem myhmanlar üçin ýaş türkmen zehinleriniň çykyşlary bilen baýlaşdyrylan aýdym-sazlar ýaňlanar.

Aşgabadyň teatrlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dynç günlerinde görkeziljek sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

20.06.2026 – «Hoşlaşasym gelenok» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

20.06.2026 – «Super gaýyn ene» 19:00;

21.06.2026 – «Aýdym-sazly konsert» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

20.06.2026 – «Söýgi duralgasy» 19:00;

21.06.2026 – «Oýun bir, maza iki» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

20.06.2026 – «Maşa we Aýy» 12:00;

20.06.2026 – «Oýlap tapyjy aşyk» 19:00;

21.06.2026 – «Doktor Aýbolit» 11:00; 13:00;

21.06.2026 – «1941-nji ýylyň zenanlary – alty gelin» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

20.06.2026 – «Şadyýan sazandarlar» 17:00;

20.06.2026 – «Ýartygulak» 19:00;

21.06.2026 – «Janly gurjaklar» 12:00 we 17:00;

21.06.2026 – «Çagaly öý bazar» 19:00.

Teatrlara barmazdan ozal, kassalardan tertipnamanyň üýtgemändigini anyklamak maslahat berilýär.