Ï Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

view-icon 92
Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bir gün öň Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça pikir alşyldy. Toparyň işiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Iki ýurduň daşary syýasy we ykdysady edaralarynyň arasynda özara saparlaryň guralmagyny hem öz içine almak bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy.

Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ulag, energetika, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, işewürlik saparlaryny guramak hem-de slowak kompaniýalarynyň Türkmenistanda geçirilýän sergilere we forumlara gatnaşmagy meselesine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.