Ï Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy

view-icon 66
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17–18-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Maddy däl medeni mirasy goramak meseleleri boýunça milli bilermenleri girdi.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjy döwletler Konwensiýanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň kämilleşdirilmegi we maddy däl medeni mirasy goramagyň ählumumy ulgamynyň berkidilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garadylar.

Baş Assambleýanyň işi onuň açylmagy, ýolbaşçy düzüminiň saýlanylmagy we gün tertibiniň tassyklanylmagy bilen başlandy. Gatnaşyjylar Hökümetara komitetiň 2024-nji ýylyň ýanwaryndan 2025-nji ýylyň dekabryna çenli döwürde alyp baran işleri baradaky hasabatyny, şeýle hem Sekretariatyň Konwensiýanyň durmuşa geçirilişi boýunça hasabatyny diňlediler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda dünýä halklarynyň janly medeni mirasyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we döwletleriň Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwletleriň wekiliýetleri maddy däl medeni mirasyň elementlerini goramak, resminamalaşdyrmak we wagyz etmek boýunça hereket edýän mehanizmleri kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Baş Assambleýanyň çäklerinde medeni köpdürliligi goramaga we gatnaşyjy döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary goldamak üçin niýetlenen Maddy däl medeni miras gaznasynyň serişdelerini peýdalanmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baş Assambleýada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň 2003-nji ýylyň Konwensiýasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny goramak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan yzygiderli döwlet syýasatyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we halklaryň arasynda medeniýetara dialogy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde maddy däl medeni mirasy goramaga gönükdirilen halkara başlangyçlara uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň 11-nji Baş Assambleýanyň işine gatnaşmagy ýurduň adamzadyň medeni mirasyny goramak boýunça halkara tagallalara we umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryny ilerletmäge goşýan işjeň goşandynyň nobatdaky beýany boldy.