Ï Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

view-icon 89
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

18-nji iýunda Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Gökdere jülgesinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.

10 – 14 ýaşly ýetginjek oglanlar 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde özleriniň çalasynlygyny we ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküjisini suw geçirijä çalt birikdirip-aýyrmak, ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşana düşürmek hem-de ýangyn söndürijini dogry ulanyp, emeli ýangyny söndürmek boýunça bäsleşdiler.

Ýaryş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça 3-nji orna «Nesil», 2-nji orna «Çynar», 1-nji orna Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ýaş ýangyn söndürijiler topary mynasyp boldular. Ýeňijilere, şeýle hem ýaryşa gatnaşan iň ýaş we iň çalasyn türgenlere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

1-nji orna mynasyp bolan Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň toparyna ýangyn-amaly sporty bilen baglanyşykly bäsleşigiň göçme kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar bagtyýar çagalyk üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edýärler.