Ï «Jennet mukamy» – medeniýet forumyna döredijilik sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Jennet mukamy» – medeniýet forumyna döredijilik sowgady

view-icon 180
«Jennet mukamy» – medeniýet forumyna döredijilik sowgady

Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi we Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Şu günlerde topar «Jennet mukamy» atly täze sahna oýnuny sahnalaşdyrmak işlerini tamamlaýar. Milli rowaýata esaslanýan, saza we folkloryň özboluşly aýratynlyklaryna baý bolan bu öwüşginli sahna oýny G.Daňatarowyň we N.Söýünowyň eseri esasynda teatryň režissýory Bekmyrat Hallyýew tarapyndan sahnalaşdyryldy.

Söýgi we türkmen dutarynyň köptaraply güýji baradaky jadylaýjy sahna oýny tomaşaçyny uzak geçmişe – halk arasynda bu milli saz guralyny ilkinji bolup ýasan we soňra onuň piri hasaplanylan Baba Gammaryň ýaşlyk ýyllaryna alyp gidýär. Tomaşaçylar üçin sahna oýnunyň gyzykly pursatlaryny saklamak maksady bilen, eseriň ýordumynyň diňe käbir esasy pursatlary barada durup geçeliň.

Jadyly täsir edýän zehine eýe bolan ýaş Gammar uzak ýurtlaryň birine düşýär. Bu ýerde ol öz söýgüsine – ýerli hökümdaryň ýeke-täk gyzyna duşýar. Baş gahrymana bäsdeşleri tarapyndan köp sanly synaglar we päsgelçilikler garaşýar, munuň üstesine-de, onuň söýgülisi agyr keselleýär. Ýagşyzadanyň maslahaty bilen Gammar dutar ýasaýar we onuň owazy gyzy sagaldýar. Sahna eseriniň soňy şowly tamamlanýar. Hökümdar aşyklara öz ak patasyny berýär.

Täze sahna eserinde ýaş zehinler bilen bir hatarda, teatryň meşhur sahna ussatlary, ýagny Türkmenistanyň at gazan artistleri H.Şyhyýew we M.Seýidow dagy hem çykyş edýärler. Gammaryň keşbini B.Dowlyýew, hökümdaryň gyzynyň keşbini bolsa M.Aristanowa uly ussatlyk bilen janlandyrýarlar.

Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde Daşoguz şäherinde bolar.