Türkmenistanyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen gatnaşyklary ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýär.
Gepleşiklerde bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini goramak we ählumumy çözgütler kabul edilende olaryň hukuklaryny üpjün etmek meselesi görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak hem-de dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlaryň Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» we «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň filosofiýasyna doly gabat gelýändigini belledi.
«Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.