Ï Halkara ýoga güni giňden bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýoga güni giňden bellenildi

view-icon 350
Halkara ýoga güni giňden bellenildi

21-nji iýunda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gadymy sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryny we ähli gyzyklanýanlary Halkara ýoga gününiň baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrdy. Ýüzlerçe adamy bir ýere jemlän köpçülikleýin türgenleşik paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde geçirildi.

Ýoganyň peýdasy köpden bäri mälimdir. Bu maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek adamyň diňe bir beden saglygyny däl, eýsem, ruhy we psihologik ýagdaýyny hem berkitmäge, içki howsalany we daşarky ýaramaz täsirleri ýeňip geçmäge kömek edýär. Ýoga beden bilen aňyň arasynda sazlaşygy döretmek bilen çäklenmän, adamyň daşky dünýä bilen gatnaşyklaryny hem kadalaşdyrýar, oýlanyşyklylygy, sabyrlylygy, tertipliligi we maksada okgunlylygy ösdürýär.

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu türkmen jemgyýetinde ýoganyň meşhurlygynyň yzygiderli artýandygyny belledi.

– Ýoga adamlary birleşdirýär, sagdyn we uzak ömre ýardam bermek bilen birlikde, töweregimizde parahatçylygy hem pugtalandyrýar. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde her gün geçirilýän mugt türgenleşiklere çagyrýaryn – diýip, diplomat aýtdy.

Ilçi Merkezi Aziýadaky ilkinji Halkara ýoga merkeziniň hut Aşgabatda açylandygyny ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge berýän hemmetaraplaýyn goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny bildirdi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezow adamlaryň emosional abadançylygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem hereketsiz ýa-da nädogry durmuş ýörelgesi bilen bagly keselleriň öňüni almakda ýoganyň möhüm ähmiýeti barada nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. 21-nji iýun – ýylyň iň uzyn tomus gününe gabat gelýär. Ýatladyp geçsek, şu ýyl bu astronomik hadysa hut ýekşenbe gününe düşdi.