Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar

view-icon 125
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Öňde boljak sapara taýýarlyk görmek meselesine sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garaldy.

Guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.

Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde 124 sany resminama gol çekildi. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artýandygy bellenildi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara topary möhüm orny eýeleýär. Şeýle hem ýurtlar Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, biri-biriniň halkara başlangyçlaryny goldaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dostlukly döwlet bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady hem-de öňde boljak döwlet saparynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.