Şu gün Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän milli sungatymyzyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezmek bilen, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirýär.

Giň gerimli döredijilik çäresi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagyndan başlandy. “Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini ähli ajaýyplygy bilen açyp görkezmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çärelere Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky guramalaryň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar. Olar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Sergide muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli kitaplar, neşir önümleri görkezildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir.

Soňra kaşaň binada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň belli teatr artistleri, estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Belent ruha beslenen aýdym-sazlar tans hem-de folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi.

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy şanly ýylymyzyň şöhratly wakalaryny has-da artdyrjak köpçülikleýin çärelere baýdyr. Oňa laýyklykda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler, duşuşyklar medeniýet, sungat işgärleriniň göwünlerini galkyndyryp, çeper döredijilige gol beren ynsanlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrýan sungat baýramy hökmünde kabul edilýär. Şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýylyň şygaryna aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän her bir çäre artistleriň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary beýan edýän çykyşlaryna beslenýär. Bu bolsa medeniýet işgärleriniň Watanymyzyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny görkezýär.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary belentden ýaňlandy. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspy ýetirildi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ýurdumyz hem-de halkymyz üçin taryhy ähmiýeti bolan pursatlara beslenýär. Munuň özi merdana halkymyzyň ruhubelentliginiň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjiliginiň, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň nyşanydyr.

Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň öňdebaryjy döredijilik işgärleri bilen döredijilik dünýäsine täze gadam goýan ýaşlaryň duşuşygy geçirildi. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, häzirki zaman ýazyjylarynyň hem-de şahyrlaryň döredijilik işi barada pikir alyşmalar boldy.

Soňra bu ýerde “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi” atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty hem geçirildi. Onda ýurdumyzyň muzeýleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň berildi. Çärä gatnaşyjylar muzeý işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegine döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Türkmen topragynda Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe, Änew, Gadymy Merw, Köneürgenç, Köne Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly özboluşly medeni-taryhy ýadygärlikleriň we gözel ýerleriň ýerleşýändigi mälimdir. Olar gadymy siwilizasiýalary öwrenmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä taryhynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar.

Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary çäreleriň dabarasyny has-da belende göterdi. Bu ýerde edilen çykyşlar ýaş nesillerde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza bolan söýgini ösdürmekde, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde örän ähmiýetlidir.



