Ï Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

view-icon 118
Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirildi.

Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkiýäniň tanymal ýazyjy-şahyrlary we jemgyýetçilik işgärleri, talyp ýaşlar, türkmen diasporasynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtadylar. Şeýle hem gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Dabara gatnaşyjylarynyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak döwletde erkin we bagtyýar ýaşamak baradaky arzuwlary häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasyny goýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde gazanyldy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.