Ï Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

view-icon 88
Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga çagyrýar.

Çäre 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda sagat 16:00-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň dowamynda gatnaşyjylar üçin janly aýdym-sazlar, çagalar we ulular üçin gyzykly eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary hem-de çeperçilik boýunça ýörite ussatlyk sapaklary guralar.

Ekologik taýdan arassa gurşawy emele getirmek we durnukly sarp ediş medeniýetini goldamak maksady bilen, çärä geljek myhmanlardan özleri bilen plastik çüýşe ýa-da ulanyşdan galan, beýlekiler bilen çalşyp biljek köne egin-eşiklerini getirmek haýyş edilýär.

Çäräniň dowamynda işjeňlik görkezenlere «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, blok «C», 1-nji gat, «Bilelik Hub» döredijilik merkezi.

Habarlaşmak üçin telefon: +(993 64) 26-84-32

Resmi internet saýty: tebigatchy.co.tm

TikTok: @a.tebigatchy.jg

Instagram: yashtebigatchy