Ï «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly täze ösüşleriň badalgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly täze ösüşleriň badalgasy

view-icon 124
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly täze ösüşleriň badalgasy

Behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, häzirki taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň ajaýyp beýanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň «At – myrat», «Atym bar – ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna beslenýän şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy Watanymyzyň täze ösüşlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezip, her bir türkmenistanlyny täze maksatlara we belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy gadam basylan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toý-baýramlara, uly zähmet ýeňişlerine beslenjekdigini buşlan möhüm waka boldy. Türkmen tebigatyndan alan ajaýyp görki, özboluşly hereketleri, owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy bilen türkmen bedewlerimiz we olaryň ussat çapyksuwarlary dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşyp, bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň başynda 2026-njy ýylyň dowamynda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen bagly degişli resminama gol çekdi. Munuň özi tutuş dünýäde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermekde möhüm ädim boldy. Fewral aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary bilen atlandyrylan saparlary guraldy. Olar öz ussatlyklaryny görkezip, ajaýyp çykyşlary bilen watandaşlarymyzy begendirdiler. Toparyň agzalary welaýatlarda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalarynda üstünlikli çykyş etdiler.

Ahalteke atlarynyň we milli atşynaslyk sungatynyň şan-şöhratyny dünýä dolduran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şu ýylyň mart aýynda Baku şäherinde ýaýbaňlandyran çykyşlary şanly ýylyň şygarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän toý ruhuny bütin aýdyňlygy bilen beýan etdi. Maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem-de ýokary sport derejesi bilen baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän buýsandyryjy waka boldy. Mundan başga-da, Kazan şäherinde geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary ýokary ussatlygyny görkezip, kuboklara mynasyp bolmagy türkmen atşynaslyk sungatyna bütin dünýäde ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Biziň atlylarymyzyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Windzor galasynyň çäginde geçirilen atçylyk ýaryşlaryna hem gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen VIII halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagy we ýokary baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ýylyň ýyl ýazgylaryny baýlaşdyran ýene bir waka boldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meýilleşdirilen halkara çäreler hem medeni diplomatiýanyň gurallaryny netijeli herekete getirmegi ugur edinýär. Şunda gaýtalanmajak gözelligi bilen milli we umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde çykyş etmegi şanly ýylyň ähmiýetini has-da belende göterýär.