Ï Türkmenistanyň DIM-nde Keniýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Keniýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

view-icon 90

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Jonah Maina Mwanginiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-keniýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara başlangyçlaryny özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Mundan başga-da, Keniýa Respublikasyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ugrunda Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmak teklip edildi.

Energetika, oba hojalygy, ulag, dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we sport ýaly ugurlary öz içine alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.