Ï Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar

view-icon 107
Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar
Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar
Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar
Ýewropaly muşdaklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýakyndan tanyşmaga özboluşly mümkinçilige eýe bolarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi.

Brifingde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda giň gerimli başlangyçlaryň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi. Bu tagallalar döwletimiziň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

– Ýewropada geçiriljek bu çempionat türkmen halkynyň baý medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny, milli atçylyk sungatynyň häzirki zaman gazananlaryny, şeýle hem türkmen atçylyk ussatlarynyň we halk senetçileriniň ýokary hünär derejesini dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar – diýip, pudaklaýyn edaranyň ýolbaşçysy aýtdy.

A.Berdiýew toplumyň meýdançasynda ýaýbaňlandyryljak sergi we ýarmarka meýdançalarynyň mazmunyna hem aýratyn ünsi çekdi.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň pawilýonynda pudagyň köpugurly işi beýan ediler. Bu ýerde myhmanlar tohumçylyk-seleksiýa ulgamynda gazanylan üstünlikler, ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler, olary ideg etmegiň aýratynlyklary hem-de bu täsin tohumy dünýäde wagyz etmek ugrunda görülýän çäreler bilen tanyşarlar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň pawilýony bolsa türkmen halkynyň çuňňur ruhy mirasyny, taryhy-medeni gymmatlyklaryny we milli sungatyň häzirki ösüşini açyp görkezer. Bu ýerde zergärçilik we amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilener. Şeýle hem myhmanlar milli şaý-sepler, ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsus nagyşlar bilen bezelen däp bolan at esbaplary, şeýle-de behişdi bedewleriň gözelligini wasp edýän suratkeşlik we heýkeltaraşlyk eserleri bilen tanyşarlar.

– Adam bilen onuň wepaly dosty bolan atyň özboluşly sazlaşygyny görkezmek maksady bilen, sergi meýdançasynda ýörite manež enjamlaşdyrylar. Bu ýerde dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary geçiriler. Tomaşaçylar çylşyrymly jigit tilsimlerini, dürli akrobatik çykyşlary we nusgawy at çapmak ussatlygyny synlarlar – diýip, döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda A.Berdiýew Ýewropanyň merkezinde geçiriljek bu iri sergi-ýarmarkanyň Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy we gadymy atçylyk sungatyndaky ýokary hünär mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde halkara abraýyny has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.