Ï Çaga – nesil dowamaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çaga – nesil dowamaty

view-icon 122
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty
Çaga – nesil dowamaty

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çaga – nesil dowamaty» atly sergi guraldy.

Sergide XIX–XX asyrlara degişli bolan muzeýiň gaznasynda saklanylýan çaga bezeg şaýlary, taryhy fotosuratlar, milli çaga egin-eşikleri, çaga oýnawaçlary, aşyk we aşyk torbalary, horjunjyklary görkezildi. Bulardan başga-da gyz we oglan çagajyklara niýetlenip sünnälenip örän inçeden nepis keşdelenen başgaplar, tahýalar, çaga donlary, begres dony, kürtekçeler, ezýaka köýnekler, agar çäkmen we aýakgaplar görkezilýär.

Eneleriň mähir-yhlasy siňen gadymy çaga köýnekleri, tahýalar hem-de donjagazlar reňkleriň özboluşly dünýäsini emele getirýär. Çaga egin-eşiklerini bezemek we göz-dilden goramak maksady bilen, ok-ýaý, bäzbent, goçbuýnuz, ýelpewaç, ýazma, eginlik, aýak bukow, burma ýaly çaga şaýlary hem sergide ýerleşdirildi.

Bu milli gymmatlyklar türkmen halkynyň durmuşynda çaganyň ornuny, çaga lybaslarynyň we milli esbaplarynyň köpdürlüligini görkezýär.