Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 96

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzy ýakyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde berk binýada esaslanýan hyzmatdaşlygymyzyň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Şeýle-de ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara uly itergi berjekdigine berk ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Mihail KAWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.