Ï Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

view-icon 313
Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy Ata Serdarow, Mejlisiň deputatlary we ýurdumyzyň öňdebaryjy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri boldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin häzirki zaman Hytaý döwletiniň kemala gelmeginde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň uly ornuny belledi.

Partiýanyň we döwletiň oýlanyşykly strategiýasynyň netijesinde Hytaýda taryhy üstünlikler gazanyldy hem-de düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Munuň özi ösüşimiziň ýolunyň uly artykmaçlyklaryny we kuwwatly ýaşaýşa ukyplylygyny aýdyň görkezýär – diýip, ilçi nygtady.

Ilçi Hytaýyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny tassyklaýan esasy görkezijileri hem getirdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Hytaý jemi içerki önümiň (JIÖ) möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär we haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Şeýle hem Hytaý 160-dan gowrak döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň hem esasy söwda hyzmatdaşydyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurt «dünýäniň zawody» derejesinden innowasiýa merkezine öwrülip, ýokary tehnologiýalar babatda çalt ösýän kuwwata eýe bolýar.

Szi Şumin çykyşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine hem aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goldawynyň netijesidir.

Häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlyk, aýratyn-da strategik ähmiýetli energetika pudagynda ýokary netijeliligi we durnukly ösüşi görkezýär – diýip, ilçi aýtdy.

Şeýle hem diplomat Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýanyň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparyny möhüm waka hökmünde görkezdi. Onuň bellemegine görä, bu sapar uly üstünlige eýe bolup, diňe bir ýangyç-energetika toplumynda däl, eýsem, çig mal pudagynda we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda hem bilelikdäki başlangyçlara täze itergi berdi.

Çykyşynyň ahyrynda Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Türkmenistan bilen özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny nygtady.