Ï Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany

view-icon 112

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, aragatnaşyk pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara bolup çykyş edýän Aragatnaşyk ministrligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa häzirki zaman internet ulgamynyň ýokary derejeli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Watanymyzyň tehnologik ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri raýatlarymyz üçin ähli ugurlarda giň mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap şäheriň nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan şäheriň çäklerinde 5G ulgamynyň işe girizilmegi häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýan möhüm waka öwrüldi. Bu tehnologiýanyň işiniň ýola goýulmagy edara-kärhanalaryň işini tiz we oňaýly dolandyrmaga, ähli düzümlerde sanly ulgamyň hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

5G ulgamynyň maglumatlary geçirijilik mümkinçiliginiň has ýokarydygyny, dünýä tejribesinde bu tehnologiýanyň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynda giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Gurşap alýan çägi we degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýetlidigi bu usulyň artykmaçlygyny görkezýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň batly depginde sanlylaşdyrylýan häzirki döwründe internet hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmakda wajyp şertdir. 5G ulgamynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak we beýleki ugurlarda işjeň peýdalanmak meseleleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Çünki Arkadag şäherinde ornaşdyrylan 5G ulgamy öz artykmaçlygyny iş ýüzünde subut etdi.

Häzirki zaman 5G aragatnaşyk ulgamynyň maglumat geçirijiligi, 4G bilen deňeşdirilende, 10 essä çenli ýokarydyr. Täze tehnologiýanyň sanly ulgamyň ygtybarly we durnukly birikmelerini üpjün etmek bilen bir hatarda, önümçilik zolaklarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat pudaklarynyň işiniň ilerlemegine, maglumat alyşmak işiniň tiz hem-de ygtybarly ýerine ýetirilmegine gönükdirilendigini nygtamak gerek. Munuň özi işleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Aragatnaşygyň täze nesli ýokary tizlikli interneti talap edýän programma üpjünçiliginiň ýeňil dolandyrylmagynda, birbada müňlerçe enjam arkaly internetden bökdençsiz peýdalanmakda ähmiýetlidir.

Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň şertlerinde 5G bilim ulgamyndaky maglumatlary ýokary tizlikde, dürs alyşmaga, önümçilik pudaklaryndaky enjamlaryň işini sanly ulgam arkaly tiz dolandyrmaga, “akylly” şäher konsepsiýasynyň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 5G ulgamy teleýaýlymlaryň işinde-de netijeli ulanylýar. Bu innowasion tehnologiýa gepleşikleri 4K ölçegde göni ýaýlyma bermegiň, telelukmançylyk amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmegiň ygtybarly usuly hökmünde peýdalanylýar. Şoňa görä, bu usulyň ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap almagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işini kämilleşdirmek boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, pudaklaryň işine sanly tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Robototehnika ýaly ýokary depginde ösýän pudagyň işinde hem bu tehnologiýanyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi emeli aňyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň hem wajyp guraly bolup hyzmat edýär. Täze ulgam robotlaryň uzak aralykdan dolandyrylmagynda, robot tehnikalary ornaşdyrylan pudaklarda işleriň bökdençsiz amala aşyrylmagynda aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýol hereketini dolandyrmak ýaly ugurlarda emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda maglumatlary anyk isleglere, gyzyklanmalara görä hödürlemäge mümkinçilik berýän okatmagyň uýgunlaşdyrylan ulgamlary döredilýär. Saglygy goraýyşda emeli aňa esaslanýan, keselleri kesgitlemäge, gany seljermäge, çaklamalary beýan etmäge ukyply usullar işlenip taýýarlanylýar. Oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny seljermek, olara gözegçilik etmek ýaly amallar synagdan geçirilýär. Şeýle hem ýol hereketini dolandyrmakda öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär.

Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak, 5G we emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk kesgitlenendir. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Aragatnaşyk ministrliginiň düzümlerinde ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar ähli ugurlar boýunça möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap şertler tehnologik ösüşiň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, elektron hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, hususan-da, elektron hyzmatlaryň e-SIM görnüşini ornaşdyrmaga şert döredýär. Daşary ýurtly raýatlar ýurdumyza gelen wagtynda milli öýjükli operatoryň SIM kartlaryny satyn almazdan, e-SIM mobil goşundysynyň üsti bilen internet toruna päsgelçiliksiz elýeterliligi alýarlar. Bu hyzmat müşderileriň mobil telefonyna birnäçe belgini birikdirmäge mümkinçilik berýän täze usullaryň biridir.

Diýarymyzda diňe bir elektron senagat boýunça dünýäde öňdebaryjy öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň, programma işläp taýýarlamalarynyň ornaşdyrylmagyna däl-de, eýsem, şeýle önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlar höweslendirilýär. Her ýylda geçirilýän “Sanly çözgüt” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi emeli aň, robototehnika, awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, «Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady hem-de degişli tabşyryklary berdi. Bäsleşigiň netijeleri “Türkmentel — 2026” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Oňa hödürlenen taslamalary sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçiriler.

Ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça ýetilen sepgitler Watanymyzyň innowasion esasda ösmegi üçin berk binýady döredýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durnukly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.