Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi

view-icon 9
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. 

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Donald Trampyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de senator Stiw Deýnsiň ýurdumyza saparynyň türkmen-amerikan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, onuň saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli myhmany we ABŞ-nyň halkyny ýene-de bir gezek gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — ABŞ” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Waşington şäherine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen söhbetdeşlikde türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony has-da ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýeti bellenildi. Ýokary derejedäki şeýle dialog Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin möhüm syýasy esas hökmünde çykyş edýär.

Ýurtlarymyzyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga ýardam berýär. “Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary barha giňeldýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynanyşmagy üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi babatda birnäçe Kararnamalar kabul edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrmakda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň uly goşandy bellenildi. Ýakynda paýtagtymyzda bu geňeşiň maslahaty geçirildi. Ol amerikan işewür toparlarynyň wekillerine we olaryň türkmen hyzmatdaşlaryna özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli aň ýaly möhüm ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Ýurdumyz tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp bölegi bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda bu ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirildi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda dürli ylmy-medeni çäreler guralýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyndaky maksatnamanyň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň ABŞ-da bilim alýandygyny, soňky ýyllarda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň halklary ýakynlaşdyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, senator Stiw Deýnse işinde uly üstünlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.