Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

view-icon 100

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli.

2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly.