Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

view-icon 99
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçirilendigini, onda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini belläp, çykyşyna başlady. “Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz şu mejlisiň gün tertibiniň esasy soragynyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny aýdyp, mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildi.

Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet we häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, bagtyýar halkymyzyň her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyna, Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadygyna ünsi çekdi. Ýakynda Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini nygtady.

“Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdiler. Meşhur çapyksuwarlarymyz Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Umuman, bedew ýylynda ahalteke atlarymyz babatda köp sanly uly ähmiýetli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyr. Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidir. Şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir.

“Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmelidir hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmalydyr” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we anyk wezipeleri kesgitledi. Hususan-da:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmaly;

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly;

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly;

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli;

Raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmaly;

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly;

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly;

Mejlise taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly;

Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli;

Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk alyp barmaly.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi senagat-innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunda “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmäge amatly şertleri döredýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylygy bilen bagly ähli meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen çäreleriň işlenip taýýarlanylýandygy we umumymilli forumyň guramaçylykly geçirilmegine degişli zerur tagallalaryň ediljekdigi barada habar berdi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň guramaçylyk we dolandyryş meseleleriniň üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Şunda mejlisiň hojalyk işlerine degişli ähli wezipeler talabalaýyk ýagdaýda alnyp barylmalydyr. Munuň üçin bolsa degişli düzümleriň bilelikdäki sazlaşykly işleri ýola goýulmalydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin düýpli taýýarlyk işlerine girişilendigini aýtdy. Şeýle hem ol Milli Liderimiziň başyny başlan içeri we daşary syýasatynyň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Ýewropa, Amerika, Aziýa, Afrika we Awstraliýa yklymlarynyň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halkara ähmiýetli sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, atçylyk hem-de atly sport boýunça dürli bäsleşikler meýilleşdirildi. Munuň özi döwrebap şygary bolan ýylymyzyň aýdyň ähmiýetli wakalara baýdygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ösüşli ýolunyň ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň möçberli işleri öz içine alýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary halkara giňişlikde ykrar edilýär. Bu bolsa sebit we halkara derejede ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň berkidilmeginiň baş şertini emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary arkaly üç gezek ykrar edilendigini, şunda ýurdumyzda geçirilýän syýasy çäreleriň Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda adamlaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak meseleleri ýurdumyzyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýerlerde öňde boljak syýasy çärä taýýarlygyň derejesi bilen tanyşmak maksady bilen, Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň başlygy M.Berdiýewe söz berdi.

M.Berdiýew häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny, şunda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň berkarar bolmagynda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlere möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Ol “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ýokary derejede dabaralandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp, asylly işleriň rowaçlyklara beslenmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi.

Çykyşda ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli döwletli tutumlaryň, taryhy başlangyçlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýandygy bellenildi. Şeýle hem ol Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň agzalarynyň kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýdyp, ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny, döwürleýin metbugatda bu boýunça ýörite rubrikalaryň döredilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine goşant goşan harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini sylaglamak maksady bilen, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalynyň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol şanly sene mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşjak şahsy düzümi sylaglamagyň olaryň söweşjeň ruhuny belende göterjekdigini nygtady.

B.Gündogdyýew kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalynyň döredilmeginiň harby gullukçylaryň şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmaga ruhlandyrmakda wajypdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, dabaraly harby ýörişde türkmen ýaşlarynyň Watanymyza bolan buýsanjy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa söz berdi.

B.Myradowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda şöhratly pederlerimiziň toplan baý taryhy tejribesine esaslanyp, döwleti dolandyrmagyň ygtybarly binýady bolan demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.

B.Myradowa ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy waka öwrüljek ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyny nygtap, munuň üçin ähli zerur işleri geçirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzda sanly ulgamyň işini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mysalynda şähergurluşyk maksatnamasyna sanlylaşdyrmak wezipelerini girizmek babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmalydygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz bu işleriň paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleri bilen utgaşykly dowam etdirilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi we gazanylýan ösüşleri giňden wagyz etmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň tutuş dowamynda atçylyk we atçylyk sporty boýunça birnäçe çäreleriň meýilleşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Soňky ýyllarda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk seýisçilik sungaty hem-de atşynaslyk ýörelgeleri halkara derejede giňden wagyz edilýär. Şunda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk mekdebe öwrülen ýörelgelerinden ruhlanyp, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Aýratyn-da, baýramçylyk maksatnamasynda atçylyk sportuna degişli çäreler möhüm orny eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, olaryň şan-şöhratynyň belende galmagy we ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. “Şunda atçylyk sporty boýunça geçirilýän çärelere, gözellik bäsleşiklerine, dürli derejedäki duşuşyklara möhüm ähmiýet berilmelidir” diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe söz berildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan giň möçberli çäreleriň, bäsleşikleriň çäklerinde milli atşynaslyk ulgamyna degişli sergileriň ýaýbaňlandyrylýandygyny habar berdi. Ol guraljak sergiler üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary, bedewleriň reňk sazlaşygy, olary seýislemegiň usullary barada giňişleýin maglumatlaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen bedewlerine bagyşlanan sergileriň çäklerinde bu ugra degişli hünärmenleriň ahalteke bedewleriniň taryhyna, gelip çykyşyna we ynsan gylykly bedewleriň özboluşly aýratynlygyna degişli maglumatlar bilen çykyş etmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikde möhüm orna mynasyp bolmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belläp, şu ýylyň dowamynda guraljak sergilerde halkymyzyň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjynyň we söýgüsiniň, ganatly bedewleriň dünýä atşynaslygynda eýeleýän ornunyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we sergileriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärli çemeleşmek babatda öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belledi.

“Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan soraglara seredilendigini aýtdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi. Şeýle hem umumymilliforumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berilýändigini belläp, hemmeleriň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.