Ï Köýtendag – dürli magdanlaryň baý gorunyň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendag – dürli magdanlaryň baý gorunyň mekany

view-icon 46
Köýtendag – dürli magdanlaryň baý gorunyň mekany

Ýurdumyzyň iň täsin we gözel künjekleriniň biri-de Köýtendagdyr. Onuň goýnunda dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän geň-taňlyklar bilen birlikde dürli magdanlaryň baý gorunyň bolmagy bu gadymy mekanyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Biz bu ummasyz baýlyga daglaryň hem baglaryňky ýaly miweleri diýip aýdyp bileris. Iň esasy zat hem Köýtendagyň goýnunda ýerleşýän magdanlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin aýratyn uly ähmiýete eýe bolmagydyr. Garlyk gowaklary diýlen at bilen belli bolan magdanlar dünýäsine seýran etmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Uzak ýyllaryň dowamynda geologlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde bu ýerde sinkiň, misiň, simabyň, stronsiniň, nahar duzunyň, kaliý duzlarynyň, gipsiň, angidritiň we ençeme beýleki magdanlaryň ýataklarynyň üsti açyldy, şeýle hem bu ýerde kükürdiň, daş kömrüň, dürli gurluşyk magdanlarynyň ýataklary tapyldy. Garlyk gowaklarynda gabat gelýän gymmatly magdanlaryň biri baritdir. Ol ak reňkli bolup, örän dykyz we agyr maddadyr. Barit senagatda, esasan hem nebit-gaz ulgamynda burawlaýyş işlerinde ulanylýar. Köýtendagda köp duş gelýän magdanlaryň ýene biri simapdyr. Simap gyzyl reňkli kinowar mineralyndan alynýar. Kinowar ýer gatlaklarynda bolup geçýän tektoniki hereketleriň täsirinden döreýän gidrotermal hadysalaryň netijesinde emele gelýär.

Köýtendagyň baýlyklarynyň biri-de mis magdanydyr. Arassa mis maýyşgak, ýumşak bolýar we elektrik toguny, ýylylygy gowy geçirýär. Şonuň üçin mis elektrotehnika, maşyn gurluşygy, awiasiýa, awtomobil senagatlarynda giňden ulanylýar. Misden skulptura, grawýura ýaly sungat eserleri ýasalýar we bürünç hem-de beýleki metal birleşmeleri alynýar. Şeýle-de Köýtendagda selistin atly gaty magdan hem duş gelýär. Selistin dünýäde iň bir gymmatly magdanlaryň biri bolup, ol telewizorlaryň kinoskoplary ýasalanda ulanylýar. Bu magdanyň düzüminde 9 görnüşli iňňän gerekli çig mal bar. Selistin magdany gadym döwürlerde emele gelen çökündi gatlagynda ýerleşýär. Onuň mineral düzümi esasan dolomitden we selistinden, şeýle hem kalsit, gips, kwars, florit ýaly magdanlardan ybaratdyr. Köýtendagda duş gelýän gymmatly magdanlaryň ýene-de biri stronsidir. Stronsiý ak reňkli bolup, bu madda hem elektron tehnologiýasynda giňden ulanylýar. Köýtendag sebitinde kaliý duzunyň egsilmez gorunyň bardygy bellidir. Ol bolsa topraga dökün üçin iňňän zerur önümleriň biridir. Kaliý döküni topragy ýumşadyp, ýerden oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär. Sebitiň Günbatar tarapynda kaliý duzlarynyň silwin, karnolit ýaly görnüşi has köp gabat gelýär.

Köýtendagda Garlyk gowagy tutuş döwletimiz boýunça hem iň uly we täsin gowaklaryň biri hasaplanylýar. Ol Köýtendagyň Günorta tarapyndaky ýapgytda ýerleşýär. Häzirki wagtda bu gowak döwlet tarapyndan goralyp saklanylýan tebigy ýadygärlikleriň biridir. Ol ýura döwrüniň hek daşly oksford gatlagynda ýerleşýär. Bu gowak birnäçe zaldan hem-de galereýalardan durýar. Zallaryň beýikligi 0,5-40 metre, giňligi 40-50 metre ýetýär. Bu gowakda dürli görnüşli ýokardan asylyp goýlan şelpeler ýaly stalaktitler örän köpdür. Onuň düzümi, esasan, gipsden hem-de kalsitden durýar, oňa başgaça mermer oniksi hem diýilýär. Mermer oniksinden dürli şekilleri, ýadygärlikleri ýasamak bolýar. Şeýle täsinlikleri özünde jemleýän Köýtendagda kömrüň bardygy hem mälimdir. Köýten kömüri himiki düzümi we fiziki häsiýeti boýunça ýarym antraşit kömrüne degişlidir. Ol ýokary hilli energetiki ýangyç bolup, ondan emeli benzin almak bolýar.

Köýtendagda hek daşlarynyň ummasyz köpdügini bellemek bolar. Hek daşlary organiki we himiki täsirlenmeler netijesinde emele gelýär. Onuň esasy düzümi kalsiý karbonatyndan ybaratdyr. Hek daşlary gaty dykyz bolup, ol binalardyr desgalaryň gurluşyk işlerinde, jaýlaryň diwarlaryny bezemek, sement, soda, hek önümlerini almak üçin peýdalanylýar. Köýtendag gerişleri tutuşlaýyn çal we gök reňkli, ýokary ýura zamanynyň hek daşlaryndan düzülendir. Olaryň gatlagy 10-35 metre barabardyr. Şonuň bilen birlikde gips we angidritler Köýtendag gerişlerine has köp ýaýrandyr. Bu ýerde duşýan ýokary hilli, dürli reňkli, angidrit jynslary owadan, mermer görnüşindedir. Angidritlerden ýadygärlik şekilleri, jaýlaryň diwarlaryny bezemek üçin daşlar, mermer görnüşli tutuş plitalar, portland sementleri we beýleki gymmat bahaly gurluşyk serişdeleri alynýar. Sement gurluşyk senagaty üçin iň esasy önümleriň biridir. Bu ýerde sement öndürmeklik üçin zerur bolan magdanlaryň uly gorunyň bolmaklygy aýratyn bellärliklidir. Hut şonuň üçine hem sebitde ýyllyk kuwwaty 2 million tonna ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçiligi bolan, häzirkizaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen Lebap sement zawodynyň 1-nji we 2-nji tapgyrlary hereket edýär. Bu bolsa ýokary hil derejesindäki sement bilen diňe bir öz ýurdumyzdaky gurluşyk işleriniň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara hem çykarmalyga mümkinçilik berýär.

Köýtendagyň tebigy baýlyklarynyň ýene-de biri toýun jynslarydyr. Ol toýun minerallarynyň birleşmesinden düzülen ýumşak, maýyşgak has maýda (0,01 mm-den ownuk) çökündidir. Toýun jynslary suw bilen eýlenýär we ondan dürli görnüşleri materiallary emele getirip bolýar. Ol otda bişirilenden soň bolsa dag jynsyna öwrülýär. Toýun mineral düzümi boýunça kaolitden, gidrosloýdan, beýdellitden, montmorillonitden (bentonit), galluazitden ybaratdyr. Toýun gurluşyk we sement senagatynda, şeýle hem keramiki we oda dözümli önümleri almak üçin giňden ulanylýar. Toýun jynslaryndan gurluşyk üçin kerpiç, jaýlaryň üçekleri üçin gurluşyk önümleri, drenaž turbalary, fosfor önümleri, tehnikada we lukmançylykda ulanylýan käbir enjamlar, elektrotehniki, arassaçylygy üpjün etmeklik üçin kislotalara çydamly tehniki önümler öndürilýär. Toýun senagatda ulanylyşy boýunça keramiki we oda çydamly toýunlara, kaolin toýunlaryna, montmorillonit toýunlaryna bölünýär. Köýtendagda kaolin toýunlary we boýag üçin gerekli toýun jynslar hem duşýar. Toýun ýumşak bolup, ol tiz owranýar. Toýun öllenme hadysalaryna dözümsiz bolýar we çylşyrymly relýef görnüşini emele getirýär.

Keramzit (grek dilinde toýun diýmekdir) emeli ýol bilen toýun jynsyndan alynýan gurluşyk materialydyr. Keramzit ýeňil beton taýýarlamak, otaglarda ýylylygy saklamak, ses geçirmezlik üçin ulanylýar. Bu gurluşyk serişdesi toýun jynslarynyň, toýunly slanesleriň, argillitleriň käbir görnüşlerini ýokary temperaturada gyzdyrmak netijesinde alynýar.

Sebitde gabat gelýän dag jynslarynyň ýene-de birine argillitler diýilýär. Argillitler toýun jynslarynyň berk gatan, suwda eremeýän görnüşidir. Argillit jynslaryndan alynýan keramzit önümleri ýurdumyzyň jaý gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmaga we iri panel plitalarynyň agramyny ýeňletmeklige mümkinçilik döredýär. Çäge we çagyl jynslary gurluşykda, silikat kerpiçlerini, diwar bloklaryny, betonlary taýýarlamakda, suwag we asfalt işlerinde hem-de ýol desgalaryny gurmakda we bejermekde, oda dözümli önümleri almakda ulanylýar. Çägäniň käbir görnüşleri metallurgiýa we aýna senagatynda peýdalanylýar. Çäge jynslaryny senagatda ulanmak üçin onuň mineral düzümlerini, genetikasyny öwrenmek örän zerurdyr. Çäge jynslarynyň berk sementleşen görnüşine çäge daşlary diýilýär, ol gadymy geologik döwürleriň çökündilerinde duşýar.

Umuman, Köýtendagyň göwsünde ýerleşýän dürli görnüşli magdanlaryň uly möçberli gorlary döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmekligi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan bu gymmatly magdanlar berkarar Diýarymyzyň we halkymyzyň bähbidine peýdalanmak üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.