Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy

view-icon 634
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny we ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary hem-de ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp barmalydygynyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz häzirki döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmegiň hem-de döwleti ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça öz wagtynda netijeli teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Aýratyn tabşyryk milli parlamente hem berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmalydygyny aýtdy. Bu iş ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatyny dünýä ýaýmaga hem-de giňden wagyz etmäge gönükdirilmelidir.

Nygtalyşy ýaly, bu ugur Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.