Ï «Connect for Peace Festival 2026» festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Connect for Peace Festival 2026» festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi

view-icon 218
«Connect for Peace Festival 2026» festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi

7-8-nji iýulda Almaty şäherindäki Merkezi Aziýanyň iň iri koworking we IT merkezleriniň biri bolan SmArt.Point meýdançasynda geçirilen «Connect for Peace Festival 2026» («Parahatçylyk üçin birleşmek 2026») festiwaly Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň media jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar «CARAVAN» sebit taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň netijelerini jemlediler hem-de çalt depginler bilen ösýän tehnologik özgerişler, şol sanda emeli aňyň täsiriniň artmagy, maglumat howpsuzlygynyň güýçlenmegi we sanly gurşawyň özgermegi şertlerinde Merkezi Aziýada garaşsyz medianyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Festiwalyň resmi açylyş dabarasynda hormatly myhmanlaryň gutlag çykyşlary diňlenildi. Olaryň arasynda «CARAVAN» taslamasynyň direktory Wadim Sadonşoýew, Gazagystan Respublikasyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur hem-de «Internews Europe» guramasynyň maksatnamalar boýunça direktory Deýwid Dýedonne çykyş etdiler.

Çäräniň iş maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen amaly maslahatlarda sebit we halkara bilermenleri gatnaşyjylar bilen bilelikde häzirki zaman žurnalistikasynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda täze maliýeleşdiriş nusgalary, redaksiýalaryň işinde emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, galp maglumatlara garşy göreşmegiň usullary, žurnalistleriň sanly howpsuzlygy hem-de Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boldy.

Çykyş eden bilermenler diňe bir nazary bilimlerini paýlaşman, eýsem, anyk mysallaryň üsti bilen media hünärmenleriniň emeli aň tehnologiýalaryny gündelik işlerinde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini hem görkezdiler.

Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde açyk dokumental film görkezilişleri geçirildi. Onda «CARAVAN» taslamasynyň goldawy bilen döredilen eserler, şol sanda gazak halkynyň saz mirasy barada gürrüň berýän «Ýalňyz kiriş» filmi, Bişkek we Almaty şäherlerindäki «üçünji ýerler» barada dokumental filmler, şeýle hem buzluklaryň ýitip gitmegini beýan edýän «Alatau: ýitip barýan buzluklaryň yzy bilen» atly kino görkezildi. Filmleriň görkezilişlerinden soň awtorlaryň, bilermenleriň we tomaşaçylaryň gatnaşmagynda pikir alyşmalar geçirildi.

 Festiwal halkara «Internews» guramasy tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen «CARAVAN» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Bu çäre sanly tehnologiýalar we media ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça ozal Aşgabatda geçirilen ýöriteleşdirilen okuwlaryň hem-de beýleki bilim çäreleriniň dowamydyr.