Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen ilkinji «Tourism Malaysia» seminar-prezentasiýasy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagynda gatnaşyklaryny özgertmäge goşant goşdy. Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Agentligi bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre turbiznesiň esasy işgärlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.
Çäräniň dowamynda «Tourism Malaysia Almaty»-nyň müdiri Nor Şazli Azmi «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysynyň soraglaryna jogap berip, türkmen bazarynda edaranyň möhüm maksatlary, transport elýeterliligi we özara syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösüşi barada gürrüň berdi.
Nor Şazli Azmi bu prezentasiýanyň iki ýurduň ulgamlaýyn bilelikdäki işiniň esasy bolup durýandygyny, iki döwlet üçin hem möhüm orun eýeleýändigini belledi.
«Meniň üçin Aşgabatda geçirilýän ilkinji «Tourism Malaysia» seminaryna gatnaşmak uly mertebe. Bu biziň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin guraýan ilkinji ýöriteleşdirilen çärämizdir. Biz oňa uzak möhletli we çuňňur hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde garaýarys. «Tourism Malaysia» hem pudagyň üstünlikli ösmeginiň berk aragatnaşyksyz mümkin däldigine ynanýarys. Şol sebäpli biziň maksadymyz diňe bir Malaýziýany tanyşdyrmak däl, eýsem, Türkmenistanyň syýahatçylyk bazarynyň aýratynlyklaryna has gowy düşünmek, pikirleriňizi diňlemek we isleg bildirilýän syýahatçylyk önümlerini bilelikde işläp taýýarlamakdyr» diýip, wekilhananyň ýolbaşçysy belleýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy tassyknamalarynyň biri resmi statistika boldy. Beýan edilen maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň Günorta-Gündogar Aziýa syýahat etmek gyzyklanmasy yzygiderli ösüşi görkezýär.
«Biz Türkmenistany uly mümkinçilikli bazar hasaplaýarys we Malaýziýa bolan gyzyklanmanyň artýandygyna buýsanýarys. 2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçy bardy, bu bolsa geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende 42,5% köpdür. Bu bolsa bu ugra bolan gyzyklanmany we türkmen bazarynyň uzakmöhletleýin mümkinçiligini tassyklaýar» diýip Nor Şazli Azmi belledi.
Bölüm ýolbaşçysynyň bellemegine görä, iki döwletiň paýtagtlarynyň arasynda göni gatnawly howa ýollarynyň bolmagy, syýahatçylyk we işewürlik saparlarynyň artmagynyň esasy hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär. Amatly logistika Malaýziýany Günorta-Gündogar Aziýada türkmen syýahatçylary üçin iň oňaýly we elýeterli ugurlaryň birine öwürýär.
Sözüniň ahyrynda, Nor Şazli Azmi geçirilen çäräniň täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin başlangyç boljakdygyna ynam bildirdi.
«Çäre pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ädimlerini kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi. Biz bilelikdäki işimiziň netijesinde täsin syýahatçylyk ugurlarynyň ýola goýuljakdygyna we syýahatçylyk alyş-çalşynyň mundan beýläk-de artjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Biz netijeli hyzmatdaşlyga garaşýarys we Türkmenistandan has-da köp myhmany Günbatar Malaýziýada garşylamagy umyt edýäris» diýip ýurdumyzyň myhmany sözüni jemledi.