Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli ýatlama dabarasy hem-de tematiki fotosergi geçirildi.
Ekspozisiýa we ýatlama çäreleri 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçen taryhy wakalara bagyşlandy. On ýyl ozal Ankara we Stambul şäherlerinde pajygaly waka bolup geçdi. Şol ýylyň oktýabr aýynda bolsa, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan watandaşlarynyň hatyrasyny ebedileşdirmek maksady bilen Demokratiýa we milli jebislik gününi esaslandyrdy.

Medeniýet merkezindäki geçirilen ýatlama çäresi bir minut dymyşlyk bilen başlandy. Çärä gatnaşyjylar dokumental filme tomaşa etdiler we türk fotohabarçylarynyň eserleriniň görkezilen fotosergisine baryp gördüler.
Dabarada çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok türk halkynyň konstitusion gurluşy we respublikanyň asyrlaryň dowamynda gazananlaryny goramak ugrunda gahrymançylykly göreşendigini aýratyn nygtady. Diplomat ýurduň şol agyr günlerinde raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, türk halkyny goldan doganlyk Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa yzygiderli goldawlary üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Biz Türkmenistanyň mundan beýläk hem türk doganlary bilen raýdaşlyk ruhunda gatnaşjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys» diýip, diplomat belledi.