Ï Türkmenistanda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlener
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlener

view-icon 408
Türkmenistanda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlener

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli medeniýetimizi ösdürmek we ýaş zehinleri goldamak bilen bagly meselelere garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşik ýaş zehinleri ýüze çykarmakda hem-de ösüp gelýän nesilde milli sungatymyza bolan söýgini terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Saýlama tapgyrlarynyň netijeleri boýunça jemleýji döwlet tapgyrynda 21 sany ýekelikdäki ýerine ýetiriji we 14 sany çagalar tans hem-de beýleki döredijilik toparlary çykyş etmäge hukuk gazandy. Jemleýji tapgyryň ähli gatnaşyjylary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar we çykyşlar bilen özleriniň aýdymçylyk, sahna hem-de tans ussatlygyny ýokary derejede görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu abraýly çagalar bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.