Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 661

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şeýle hem gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň döwrebap işini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna zerur bolan enjamlary satyn almak barada «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.