Ï Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 140

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.