Ï Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar

view-icon 77
Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Resminama döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň esasynda taýýarlanyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm ugurlaryny öz içine alýar.

Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, halkara durnuklylygyny we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, Aşgabat 2027 – 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmegi teklip eder.